Il şerbedi

Biz adaty erbet adam,
kyssa ýazýan bolsa biri,
goşgy ýazýan bolsa biri,
ýa blogger, syýasatçy,
ýa keýpine, agyz keýpin
görýän üçin içip, çekip,
ýa-da agzy arssaja,
kim görse-de ýumşak, gaty,
başga birniň gürrüňinde,
gyzyp ýa-da sowap eden,
biz ogrusy bedew atyň,
ýa eşegiň, ýa-da başga,
alyp boljak zady alman,
gaýdan bolsaň, borsuň däli,
biz adaty erbet adam,
ýa bolmasa has erbedi,
içmeseň-de, getirerler,
içirer il bu şerbedi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024