Ýigrenç türmesi

Men ozallar bu bela
diňe bizde diýerdim,
biz näme üçin beýle diýip,
öz-özümi iýerdim...

O gün biri ýazypdyr,
başga dilde okadym,
türme diýip ýigrenje,
görünmeýän diwarly,
gözenegi demirden,
zynjyr bolan adama,
öz içinde, aňynda,
ýüreginde ýerleşip,
diýipdir ol zyndany
gurýarys biz birleşip.

Men ozallar bu bela
bize mahsus diýerdim,
diýip, walla, ýadatdy,
öz-özüm çig iýerdim.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024