Milli betbagtçylyk

Oýun gerek birlerine,
gülki gerek ýeňil-ýelpaý,
beýlekisi mal yzynda,
mala dönen, pikiri ýok,
a ýokarda biri gülüp,
toplap bolsa özi ýaly,
bu il bize galdy, belki,
soňy gelmez gazanç diýýär,
baýlyk diýýär dymanda il,
o bir ýurtda gül goýýan bar,
iň bolmanda ölen üçin,
öňe çykyp, aýdyp sözün,
bu bir ýurdy gybat iýýär,
aýajak ýok bir-biregi,
gerek hemmä goldaw, emma
depip ýykjak kän diregi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024