Bilmeýänler
Olar, meger, bilmeýärler,
näme bolýar ýa bolmaýar,
o biriniň aýdyşy dek,
bilmeýärler bilmeýänin,
bilýänleri ýalan kileň,
bu birleri bilýänlerin
aýtjak bolýar gara heläk,
duşman bolup, bolup haýyn,
ezijiniň ganly gözün
gan öýdürip has-da beter,
bilmeýänler diýýär gülüp,
şeýle geldi, şeýle gider.