Kepek problemasy
Bugdaý sözüň gerek mydam agzyňda,
her kimiň öz söweşi bar, ýaraly,
ýarty ýerin görmeseň-de hemişe,
ýagşy sözüň bahasy ýok, nyrhy ýok,
arak ýaly, ony saklamaz çüýşe,
ýöne mydam domkratly gezmegi,
ýaglamagy ony ýagy gutarsa,
başarmaýar hiç bir adam, döwletde,
terror arabasyn münen bolmasa,
ýa gaçmasa onuň öňünden günde,
güzerany üçin, çagalarym bar,
ýogsa bilýän diýip bolan şermende...
Dünýe gowy, kim ylgaýar ir säher,
a beýleki barýar işine haýdap,
biri basýar aňyrsyna tonnalap,
beýleki gazanýar iýjegin aýda,
biri gowak kaýyllygyn saýlaýar,
beýlekisi oýnan bolýar dünýäni,
pökgi ýaly depip, gapyp, hamala,
hemem hemme özi ýaly, mekirmiş,
ikiýüzli, gurjak bolan adama,
käte hatda arpa sözüň gysganýaň,
a ol kepekligini edýär ýadaman.