Hatarly bol

Hatarly bol kast etjege, ejiz däl,
ret et-de göçürilen kyssany,
täzeden ýaz öz hekaýaň, eýerme
köne ýoda, lenji çykan, başgalar
gitdi diýip, ýa-da diýip amatly,
bil özüňi, islegleriň, höwesiň,
saýla ýoluň, maksadyňy durmuşda,
saýgar kimiň gelýär aýak köwesi.

Gorkyňa diý näme seniň maksadyň,
goramakmy, saklamakmy gowakda,
düşün onuň ýagdaýyna, bolmaly
her adamda, her jandarda tebigy,
ýöne onuň gelýän, döreýän ýerin,
suw içýän gözbaşyn görmezlik etme,
el-aýagyň baglatma sen gorkyňa,
nirä diýse sessiz, baş atyp gitme.

Gör, gujakla içiňdäki batyry,
itme yza, ýyly ýere, düşündir
durmuş asla oturmak däl garaşyp,
diňe gitmek, getirmekdir bilene,
bilmedige nyrhyn sorap oturmak,
goýber özüň, daňma altyn zynjyra,
çykalga däl özüň basmak, batyrmak.

Dogry, jylaw gerek gahar-gazaba,
beýik, pesli ýollarynda durmuşyň,
seret, nämä gelýär seniň gaharyň,
seret, näme köşeşdirýär, düşürýär
öýke-kinäň eşeginden, atyndan,
öwren özüň, duýgularyň, tigir däl,
belki, maşyn süren ýaly şäherde,
köp adamly, gige-gündiz ýatmaýan,
jogapkär sen özüň üçin, başga däl,
aç bor mydam öz harmanyn atmaýan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024