Kitap bazary
Kitap bazaryny öldürdi döwlet,
ýa ölenden gowy etmedi ony,
döwletbaşy bolan boldy ýazyjy,
ýok edensoň ile ýanjagy jany...
Gülki näme, utanç näme bilmedi,
özün aldap, gözün tutdy ikelläp,
öz öňünde özi gazdyrdy çukur,
duşmana gargaňda gelmejek kellä.
Arman ile bolýar, ýeke bir topar
gowy geýnen garantga däl, mes bolan,
goşgy ýazýar, kyssa, pýesa ýazýar,
beýik däl-de, bile-göre pes bolan.