Köşge gelen hat
Diplom alan kitap açman,
ýa-da ýarpy-ýalta açan,
öz-özüni gözläni däl,
özün görse, ylgap gaçan,
tanyş görüp biljekleri,
para berip geljekleri,
ýygna, üýşür golaýyňa
bimessebi tapyp, saýlap,
iş etjek däl dogry, düzüw,
saklanjagy eliň ogşap,
gol gowşurýan, ýüzi aşak,
gözi, belki, aýagyňda,
“Şu bolanda bolmanmy men?” -
diýip pikir edýän diňe,
öňki nätdi, ýüzükli han,
nädip gitdi, bileňokmy,
hökümetiň mejlisini
özüň görüp, güleňokmy?
Ýygna, üýşür golaýyňa,
özüňdenem pesi, mesi,
bilinmejek zat ýok munda,
başlanan iş bolýar tamam,
gutar özüň akmak bilen,
akmalary ýygnap, toplap,
aýdan, diýen bolsun asy,
bu gün geçer, geler ertir,
has ulalar hapaň ysy.