"Küş-küş" oýny

Ile belli ýalança,
küşgürdiler “küş” diýip,
dili geplän adamy,
bagly bolsa döwlete,
bolsa mätäç, hantama
bir zatlara soňundan,
hiç düşmejek münberden,
düşürmeli “düş” diýip.

Ýalançy däl, hökümet
gülki boldy has beter,
ýöne soňy has gyzyk,
düzelmedi ýalançy,
çar ýandan edip heder,
was-was boldy, gülmegiň,
dynç almagyň ýerine,
ýatyp bilmän gijeler,
öz-özüni küşgürdi
ilki oňa, soň muňa,
aýal, erkek goýmady,
bu ne bela, öç, kine,
adam iýip, doýmady.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024