Watan hasraty
Ýaşyp barýan Aýa meňzeş, watanym,
men seni uzakdan synlaýan, görýän,
guwanýaryn bardygyňa, adyňa,
hyýalda ak çägäň içine batyp,
ýöne, dogry, utanýaryn ulular
ulaldyp bilmedi özüne çenli,
ýeke-ýeke gitdi ýüregin tutup,
kiçiler kiçletdi özüne çenli,
kiçledýärler, belki, geldi elleri,
ýykdylar mekdebin iliň il bilen,
kitap däl-de, para-peşgeşi okan,
kynyna däl, ylgap aňsada bakan,
ýaşyp barýan Aýa meňzeş, watanym,
bilýän, ertir ýene dogarsyň, gije
garaňkysy bilen ýaşyryp bilmez
ähli bolýan, boljak gara işleri,
inçe, emma umydym bar, il ölmez.