Baş sebäp

Azat bol, erkin bol, diňe türmeden,
zyndandan däl, dört diwardan ybarat,
uzyn haýat, tikenli sim ýokarsy,
derwezesi itli, gaçmasy müşgül,
mal-dünýeden, at-dereje, şöhratdan,
iň ozaly men-menlikden azat bol,
azat bol sen ýigrenjinden adamyň,
nirä barsa tapýan basan ýerinden,
ýa-da şonsuz gysýan ýüregi gaty,
bolsun ýa-da asla bolmasyn aty,
bahyllykdan, was-waslykdan azat bol,
saňa eli ýetmez bagty geleniň,
betbagt bilen, ýetsin haýsy wezipä,
deň bolma sen, nirede bir öleniň,
ýa öljegiň, öz-özüne kast edip,
saňa etjek zyýanyny goldama,
kömek etme oňa çekmäge seni,
öz oýnuna, gerekmejek drama,
seret, synla, näme bolýar, bolmaýar,
muňa gelen gul bolsa-da, bar kişä
ýaranmaýar, ýa-da uzak galmaýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024