F.Tuhbatulline bagyşlanýar
Dogry, diňe ady üçin kafeniň,
sowulardym, dyzym epip geçerdim,
gaýtalardym onuň adyn içimden,
hemem hezil edip kofe içerdim,
azajykdan, hiç howlukman, bu dünýä
alty gün däl, bäş hepde däl, bakyýa
gelen ýaly, ýa-da gitsem dolanyp,
ýene geljek ýaly, küýsesem bir gün,
Wena barsam, bilmändirin öň, ozal,
bu kafede birdem bolaryn sürgün.