Ýakjagyň ody
Saňa, zat diýmeseň, gülýän uzakdan,
ýaňsylaýan, şyltak atýan islese,
dilini çeýneýän heniz, belki-de,
gözleriňi süren edinen gurdy,
ýa kalbyňda, gowakdaky ot ýaly,
köp zatlaryň kölegesin görkezýän,
öçmejek alawy aňşyran däldir,
ýa düşünen däldir kim bilen näme
oýun ýa çyn edýänine, ýaş bolup,
goý, oýnasyn, ak girse-de saçyna,
aň girmedik aldan bolup özüni,
sen et diňe edýän işin gurtlaryň,
goý özüne ýakjaklaryň közüni.