Ýerdäki dowzah
Bu durmuş bir syýahatmyş, her gelen
enesiniň ýatgysyndan gara ýer,
gonamçylyk tagtyna çen arada,
öz ýüküni özi göterip mydam,
öz-özüne hammal bolup, geçmeli,
içmeli içmeli çaý, suwun diňe,
şerbetini, aragyny, şerabyn,
iýmeli iýmeli çörek, böregin,
guçmalysyn guçmaly täk, ýürekden,
artyk bolsa zäher boljak hemişe,
artykmaç ýük el, aýaga, ýürege,
bu durmuş bir syýahat däl, dowzahmyş,
göwni gara, iline ýük dürege.