Dermansyz dert

Goşgularyň, derdiň, türmede ýazan,
soň çykaran iki-üçden göçürip,
okamasa elden-ele geçirip,
derdi näme ýurduň, bilmese asla,
ýa-da bilip, bilmezligi saýlasa,
bor-bolgusyz aýdym saza, warsaka,
gep bilen gybata başyn aýlasa,
ertir geljek türmesiniň açaryn,
gaçar ýaly, berseň, aljak bolmasa,
ýatsa uzak, bolmaz beýle, gadyrdan,
tur ýeriňden diýseň, galjak bolmasa,
ýatan bolup, oýnan bolsa ykbalyn,
sen onuň gözüni açyp bilmersiň,
bendiligin soňlamarsyň hiç haçan,
galar ýesir gandalynda bakyýa,
gaçan millet öz-özünden aç-açan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024