Başga adamlar
Meniň görýänlerim görünmez saňa,
seniň görýänleriň görünmez maňa,
sebäbi biz başga-başga adamlar,
ýogsa bir ýer, belki, duran ýerimiz,
okap, kino görüp, baran ýerimiz,
gyzyllar hemişe adalatlydy,
aklar ýeňilýärdi, nähak işleri
ýol almady, azlyk bolup gaçdylar,
soňra birden başga döwür başlandy,
arhiwleri, gizlin syry açdylar,
atypdyrlar, gyrypdyrlar milleti,
hakydasyn, hatyrasyn ýitirip,
gara gylyç, çörek edip minneti,
görenimiz şol bir adam bar ýerde,
gürletseň, ählisi gol ýapýar merde,
ýöne namart oýnaýany, dilinde,
ýüreginde başga azlyk däl, köplük,
biziň görýänimiz görmezler olar,
ýa-da görüp, bilip, bilmedik bolar,
biz göreris görýänimiz başgaça,
sebäbi biz başga-başga adamlar.