Mugt duşak

Samsyk diýlen akyllymy,
kän görensoň iliň dişin,
ýumar ýaly etdi agzyn,
bilýän ýaly etjek işin?!.

Bolmaz boldy, akyllylar
kellesini tutup galdy,
orden, medal bolsa, baryn
akmak bolup oýnan aldy.

O birleri onda, munda
pul wadasyn berýär ile,
bu birleri ýer wadasyn,
durmuş boldy oýun, hile.

Gyzan ýa-da gaharyna
erk etmedik gülki bolýar,
sowukganly, daşdan görýän,
goşulmadyk tilki bolýar.

Käbirleri oňa, muňa
gep geçirip, ber-başagaý,
samsyk diýlen işin edýär,
paýlap berip mugt duşagy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024