Diňe ýaz

Ýaz diňe, galamyň eliňden goýman,
telefonyň, noutbugyň, ne bolsa,
ýaz diňe, seretme, görme okajak,
okamajak barmy, seniň işiň däl,
ýaz hatda diýseler ýazma, ýadatdyň,
ýa ýaramaz, bolgusyzlyk barysy,
bir setir ýok müň setiriň içinde,
görüp bilmeseler, seniň işiň däl,
ýa görseler, göriplikden, çydaman,
görmedik bolsalar, galamyň goýman,
ýaz diňe, gowşatma ylhamyň badyn,
seniň diliň, ene diliň ýaşasa,
ýaşar ýaly edip aýdymyň, adyň,
bir gün geler, belki, galmaz galmyň,
ýaz diňe gelýänçä wagtyň, sagadyň,
çagrylyp gelipmidiň bu dünýä,
git diýlende, gitmersiň-ä, düşünýän
düşüner sen ýanmasaň-da, ýansaň-da,
gitmeli gün gelse, taşlap galamyň,
artyk setir, söz däl, nokadam goýman,
otur goýman, entek ýazjakdym diýmän,
holaşaýyn diýmän, gidersiň çykyp,
garaman yzyňa, ökünmän asla
näme eden bolsaň, etmedik bolsaň,
ýaz diňe, başgasy seniň işiň däl,
ahyrky menzile ýetmedik bolsaň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024