Seniň saýlawyň
Karl Ýuňuň äheňinde
Dünýe senden sorar, eger kimdigiň,
nämedigiň bilip bilmedik bolsaň,
ýüz görmezden aýdar ýüzüňe, açyk,
ýöne onuň aýdan, diýen sözünden
many almak başga, almazlyk başga,
ýa ýaşamak başga özüňden gaçyp,
bahana gözlemek başga düýbünden,
nadaralyk etmek başga düýbünden,
sen sen dälsiň saňa bolan zat üçin,
sowet bolsun, böwet bolsun göreniň,
bir-biregiň aýagyndan aslyşýan,
golsuz arza ýazýan ýüzüňe gülüp,
saýlan bolsaň kim ýa näme bolmagy,
şo borsuň sen diri, ýa ölmän ölüp.