Peýdasyz derman
Sen jan edip, o biriniň,
bu biriniň durmuşyna,
seniňkiden gowy biraz,
has manyly, has owadan,
belki, şondan bolýan azar,
ýatyrmaýan gije, gündiz,
kesek zyňyp, öz durmuşyň
düzetmersiň, bolmaz peýda,
näme etsin olar soňra,
ýa görmedik bolsun seni,
begen özüň aýna bakyp,
agyrdanyň üçin, käriň
sürtmek bolsa tapan garaň,
agyrtmakdan başga birin
almaz derdiň derman, däri,
bitirmez ol açyk ýaraň.