Howply oýun
Bu oýun däl, döwlet durka öňüňde,
durşy bilen töhmet bolan, türmesi
günäli, günäsiz adamdan doly,
iliň bolsa, belki, mejbur, meýletin,
düzüwiň däl, ogry-jümriň şärigi,
öňe çykyp, aman galmak, işiňi
etjek bolmak garşysynda tupanyň,
aýagyňdan alyp, ýere pylçaýan,
iý agzyňa ýetse talhanyň datly,
bu oýun däl, obadaşyň, ildeşiň,
saňa satlyk diýip, bolanda satlyk.