Ýapyk oýun
Men olaryň biri, meger, aýry däl,
nirä gitsem, galdym içinde derdi,
gaýgy-gamy bilen ilimiň daşda,
ýöne, dogry, ýeke boldum, kösendim,
sebäbi durmuşy, dünýäni, ömri,
olar ýaly ýalan bilmedim asla,
ynanmadym diýseler-de ýalançy,
diňe ýykylamda gykylyk etmän,
düzüw, halal aljak boldum hakymy,
gelipdim obadan, yzyma gitmän,
okadym, gözledim ýagtylyk ýolun,
diňe düýşde iýýän tejen kakyny,
soň düşündim, ýüzün açmaýan eken,
halky tanan ýa bilýänler çakyny.