Meniň kitaplarym

Meniň kitaplarym eline alyp,
setirleriň arkasynda gizlenýän,
sözlere sygmaýan dünýäni, meger,
tolkunlaryn açyk beýniň, ummanyň,
atlar ýaly, jylaw görmedik heniz,
ýa per bermän hiç dürreliň erkine,
alyp gaçjak golaý barsaň ýanyna,
gulaçlasy gelýän ýok heniz, häli,
ýa-da men bilemok olary entek,
gorkup, busup ýatan, belki, uzakda,
çünki meniň adym boldy gadagan,
müň dokuz ýüz togsan üçde, manatda
aýlyk alýan millet çüpredi, çökdi,
ýüze sylyp iki şaýy berilse,
ýa berilse “A” harpyndan şermende,
“B” harpyndan ikilikçi ýazyjyň,
özi ýazman, ýazyp berlen kitaby,
öýe gelip, urýan ony diwara,
soňra basgylaýan üstüne çykyp,
meniň kitaplarym, şükür, beýle däl,
agladanok ili, öýüni ýykyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024