Gorjaw hekaýasy
Uly gorkýar, gürlemeýär artykmaç,
bilýär bela dilden gelýär, a çaga,
görenini, bilenini gizlemän,
gürrüň berýär: “Atam gaty aglady,
atamyň dostlary aglady sessiz,
ýaglyklary bilen sylyp gözýaşyn,
kakamam aglady, ýöne gaty däl,
emma ejem täze jaýa begendi,
tanyş gördük diýdi, ikiň ýerine
üç otaly aldyk, giňäris biraz,
enem diýdi öýde meýdan etmeli,
süzmämizem satyn almaly indi...”
Millet dymyp, öýün ýykýar, sebäbi
gürlänleriň güni bolýar ikindi.