Döwlet gurmak

Döwlet gurmak, şäher gurmak,
jaý ýykmak däl hatar-hatar,
ösdürmek däl ili, halky,
içinden, daşyndan urmak,
gyrmak däl ol, döwlet bolsaň,
jaý bermeli adamlara,
ýer bermeli, jaý bolmasa,
suw bermeli, eker ýaly,
öz çatmasyn diker ýaly,
döwlet gurmak öý ýykmak däl,
aýagasty edip ili,
ýumurmak däl mekdepleri,
kanunlary kagyz edip,
ogry, kezzap ymam bolmaz,
näçe gygyr wagyz edip,
iller agla aglak bolsa,
depesinde döwseň taýak,
ýöne boldy, bolar ýene,
düýnki başlar ertir aýak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024