Gahryman krizisi

At berilse oňa, muňa, diýseler
pylan zadyň gahrymany, beýleki,
diňe gowy manysy bar, üýtgeşik,
guwanmaly atdyr öýder ýörerdik,
indi belli boldy, iliňi talap,
ýetim, ýesir edip, ýoluny baglap,
agladyp, eňredip türmede halkyň,
bolup bolýan eken gahryman, pylan,
subut etdi muny, görkezip gitdi,
işi dowam edýär ýüzükli hanyň,
atam diýip, ýasyn tutýar birleri,
millet gaçýar, nätsin, gutarjak janyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024