Mesele we kesel
Hiç bir kesel agyr kesel dälmişin,
düşünmeýän zadyňmyş ol durmuşda,
başagyry dälmişin ol esasy,
seni ýakýan ýa entedýän uruşda,
garymda ýa hüjüm üçin galaňda,
seni ýykýan ok dälmişin aýakdan
alan ýaly, girip gözüňden, gaşdan,
ýa-da uzak ýaşap, gaçaňda güýçden,
garrylyk däl iň esasy mesele,
seniň alan terbiýäňmiş öň, başdan,
gylygyňmyş, berip ýaşan el-ele,
garaýyşmyş ýakynyndan ýa daşdan,
ol meselä, bu meselä, parhy ýok,
düşünjäňmiş iň esasy mesele,
ynanjyňmyş, uly, kiçi, hiç haçan
kesel diýip garama sen kesele,
egniň gysma, uzyn boýuň kiçeldip,
heläk eder diýme meni mes eli,
ýaşan ýaşyň ýaşa dertden eselip.