Durmuş ýaryşy
Käte gaza basyp, durmuş ýaryş dek,
o maşyndan, bu maşyndan geçýärsiň,
yzdan gelýän senden ýaş ýa howlukmaç,
basýar gaza, egniň basyp, ýanaşyk,
üçünji hatardan gelýär deňiňe,
biri bir zat diýjek ýaly goýberseň,
aýagyň agralýar, basýarsyň gaza,
olam basýar, akyl gelýär başyňa,
diýýäň gitsin, ýetişmeli, howlugýan
ýerim barmy, belki, gyssanýar adam,
ol gidýär, geçýär-de öňüňe seniň,
ynjalýarsyň, gözüň gytagy bilen
synlaýarsyň töweregi, agaçlar,
başyn ýaýkap galýan ýaly adama,
durmuş göýä ýaryş ýaly, gyssanmaç,
ozan bolup ýaşan bolýas, dat, aman!