Hakyky gaçgak
Öz-özünden gaçýan adam,
bilmän ýa-da bilip has kän,
enesindan, atasyndan,
öz oglundan, öz gyzyndan,
doganyndan gaçar daşa,
hatda ýary bilen, jan-ten,
çyn gürrüňden gaçyp ýaşar.
Bile okan, bile işlän,
ýoldaş bolan ýola uzak,
dostlaryndan, duz iýişen,
gaçar adam ozal, ahyr
tapmak islemese özün,
öz meýline bolan pahyr,
nätsin başgaň ýürek sözüň?