Eliň berseň...
Eliňi uzatma gadyrly ilki,
çem gelene, ýolda, yzda, gyssanyp,
salamlaşmak gowy, görüşmek gowy,
derdinişmek gowy döwürdeş bilen,
ýöne howlukmaçlyk görkezseň gaty,
çaga ýaly, eden işi öwülen,
ýeke, ejiz diýip hasap ederler,
ýyly söze, güler ýüze zar bolan,
dogry, päksiň, emma beýleki öçli,
bolup biler çagalykdan har bolan.