Garpyz däbi

Garpyz bermek goltugyna adamyň,
ýa ýel bermek, däli bolsa çalarak,
soň pil bermek, ýa-da kepje eline,
belki-de, milletiň gadym gylygy,
gülmek üçin üýmeleňde, mähellä,
kim bilenok, gülki gerek, agy däl,
emma akly ýetýän, oýnadyp biraz,
oýnan bolup oýnaýany azda-kän,
soňundan diýerdi: "Besdir-ow indi,
çeni ýagşy, ýaş-ýeleň bar, düşünmez,
çyndyr öýder, zat görmedik jahyllar,
etmäň meni küren obaň narpyzy!”
Ýöne millet, belki, uzak gözlänsoň,
tapdy ahyr goşa-goşa garpyzy
näçe berseň, “ää” diýmän aljagy,
hakykatda at üstüne münüp däl,
garpyzlary bilen ýatda galjagy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024