Aýnadaky nätanyş
Öz-özüňi gözlemek däl, tapmak däl,
belki-de ýitirmek aňsat, hyýaly,
bolmasy kyn adam bolmaga derek,
beýlekiler ýaly bolaýyn diýip,
diýdirmäýin diýip geçiň aýagy,
köplükde, rahat galaýyn diýip,
düzetseler, düzelmäge ilgezik,
özüňdäki islegleri, arzuwy,
jübtek bilen çöpläp, gurt çöplän ýaly,
ýeke-ýeke ýok edeňsoň, görýärsiň
darykdyrýan kesekini özüňde,
tanamak kyn aýnadaky adamy,
tanyş, emma uçan birçak gözüňden.