Päl keseli
Halk gözünde mesele ýok,
mesele bar ýüreginde,
gözi açyk onuň mydam,
gije, gündiz ýumulmaýar,
ýöne adam, goý, kim bolsun,
diňe görjek zadyn görýär,
gözleýär ol gerek zadyn,
ýüregine görä diňe,
gan görüner diýipdirler,
süýde baksaň uzak, siňe,
halk gözünde küteklik ýok,
küteklik bar ýüreginde,
beýnä, başa buýruk berýän,
gülme, agla, aklyň ýetse,
bu hiç ýeňil mesele däl,
eger boýun alsak göni,
sebäp boldy kesele päl.