Mazarlary zamun alan
Ozal seniň çagalaryň,
eneň, ataň zamun alan hökümet,
soň yzyňda galanlaryň mazaryn,
ýatan ýerin zamun alar, barmarsyň,
ýat illerde çekip derdin, azaryn,
ýas tutarsyň, rahat gün görmersiň,
a terrorçy hajy bolar, aýaly,
ogly bilen, ogly bilen oglunyň,
jennet dilär ejesine, zalymy
dünýä beren, ak süýt beren, argylan,
kakasyna jennet dilär terrorçy,
belki, garga gözün çokmaz gargalaň,
ýöne wagty geler hatda bürgüdiň,
dünýe çanak, gezekli bor çemçesi,
bolar bir gün diýen oňa: "Bar, gidiň!”