Hiç kim meselesi
Diýýärler eger-de kimdir birisi,
saňa hiç kim ýaly darasa, göýä,
eden işiň, uly, kiçi, bilmedik,
düşünmedik bolsa aýdan sözüňe,
başlygyň bolmasa, işiňden kowjak,
ýa garakçy, elin dürtjek gözüňe,
gandally bolmasa eliň, aýagyň,
git ýa çekil, hiç kim bol-da oň üçin,
şu sebäpden köpelipdir adamlar,
gitjek bolýan dogduk ýurdundan göçüp...