Nala
Kanunlaryn basgylaýan üznüksiz,
bir adamy edip hudaýyň ogly,
döwlet ezýär ilin gorkuda saklap,
gazamada öwrüp ülkäni uly...
Her kim dileg edýär, çopan ýa häkim,
belki, gudrat bardyr diýip ýokarda,
namazdan soň, nahardan soň, çaýdan soň,
elin eňegine ýetirýän adam,
içden, daşdan okap bilýän dogasyn,
şeýle bir köpeldi ejizlän, pahyr,
gözi ýaşly, ýa aglaýan ýüregi,
bu sütemiň soňy gelmezmi ahyr,
Alla diýip, başga çykalga görmän,
garaşýan ýokardan inerne perman.
Köne tümmeklere ýykylýar millet,
zyýarata baryp, baryp bilmedik
gidenlerden sargyt edýär, maňa-da
dile diýip açyk ýoly, ykbaly,
kanunlaryn kagyz eden hökümet,
aýakgaply, halkyn edindi haly.