Baş mesele
Çaga gaty görer, etmedik zadym
etdi diýen bolup diýer, öýkelär,
gürleşmez ol, jedelleşmez ejesi,
kakasy bilen-de gelse gahary,
köpdür bilýän çagasynyň gylygyn,
turup gider, sowap galar nahary...
Etmedik zadyny diýme sen etdi,
çen-çak urup, gepe, gybata gidip,
öz göwnüňe osup, osup päliňe,
ýa-da diliň keýpin görüp, hassalyk,
gowy işin, azabyny, zähmetin,
görmedik bol, bilmedik bol isleseň,
başarmasaň boýun alyp, makullap,
ýöne gömjek bolma ilde bolmadyk,
ýa az bolan tegmilleri ulaldyp,
ýüregiňden goşup galan garany,
baş mesele, biri bolsaň milletiň,
beterletme, bejerjek bol ýarany.