Seniň günäň
Seni bile-göre agyrdan adam,
ynjydasy gelen keýpine, aňsat,
deň bolmasaň, sanaşmasaň gomalyp,
kiçeldesi gelen, kemçiligiň bar,
kemçiligin basman ýüzi-gözüne,
gatnaşylan, gowy görüp däl, ýöne,
mejbur bolup, ýat illerde sataşyp,
il-ulusyň däp-dessuryn sylasaň,
adam ýaly salam berseň, eselse,
bolmajagyn bilip ahyr, alaçsyz,
ýolda, yzda sowlup geçseň ýetişseň,
çagyrmak däl, çagyranda barmasaň,
telefony galdyrmasaň, jaň etse,
gürrüň eder, özün asmandan asyp,
boýnuňa al, bu ýeke-täk seň köstüň.