Öz kastyna çykan

Internet asyry, adam daşarda,
notebook bar, telefon bar elinde,
Google edip bilýär islän sözüni,
emma döwlet näme diýip soraýar,
özi ýaly, sütem gören döwletden,
watan näme diýip soraýar kişi,
ýurdundan aýrylan adamdan, Alla,
aýdyp, belki, kimdigini aç-açan,
ýüzüni däl, ýüregini görkezip,
bilmän ýa-da at oýnadyp, belli däl,
çyn adyny gizlän bolup aşakda,
dykyp halyň ýa-da keçäň astyna,
meger, oňa berip biljek zadyň ýok,
elin özi çykan, meger, kastyna.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024