Kinodaky batyr
Kinodaky batyr, eli
sapançaly, sapançasyz,
taý gelýäni bäşe, ona,
ezileniň goragynda,
gala bolup durýanlary,
urup bilýän urýanlary,
togtadýany gyrýanlary,
kinoçylar, ýa ýazyjy,
ýa-da şahyr döretmeýär,
gülmek üçin görüp, synlap,
ýa-da agyr günler gelse,
garaşmagyň üçin ertir,
güýç öňünde çöküp dyza,
sapak olar, alynmaly,
nusga, belki, ogla, gyza,
zawody ýok batyrlaryň,
başyn goýýan oturana,
peýdasy ýok hiç hudaýyň,
busup bagtyn ýatyrana.