Döwlet işi
Dükanyňy ýapýan döwlet,
ýapýan işiň açyp-açman,
ýapyp bilmez seni beýniň,
pikirleriň bolsa açyk,
iş öwreder bir tarapdan,
göreşmegi öwreder ol,
duruşmagy öwreder ol,
ýaryşmagy öwreder ol,
ýok bolmasaň özüň gaçyp,
umytsyzlyk çukuryna,
Alla diýip, oturmasaň,
ýa zeýrenip, gybat edip,
dogan Aýyň batyrmasaň.
Dükanyňy ýapýan döwlet,
ýapýan ýurdy açyk diýip,
yzarlaýan gara goýun
çykmaz ýaly ak sürüden,
taýagyny salsyn näçe,
il depesin döwüp bilmez,
özün öwer çüýrük diňe,
men diýeni, ýol gözläni,
göreşeni öwüp bilmez,
görüp bilmez baýdak bolup,
otdan, suwdan geçseň parlap,
aşak bassa, ýeňdigi däl,
ýeňildigi ardan arlap.
Tanky bolsun, bolsun topy,
türmeleri hyryn-dykyn,
ýapsyn tutuş interneti,
ýa öçürsin bar çyrany,
tutsun Aýyň, Günüň öňün,
etegine ýetse göwni,
beýniň nurly bolsa, adam,
gözüň bolsa otly ojak,
göwnüň bolsa dury çeşme,
öz-özüni tämizleýän,
hapalaman hapa bilen,
ölen bilen öli bolman,
akarsyň sen, hiç bir gala,
hiç bir bela saklap bilmez,
uran bilýär, bilýär urlan,
hiç kim kasty aklap bilmez.
Terror bolan durşy bilen,
durşy bilen ogry-jümri,
düşün, gorkan gorkuzjak bor,
düşün, ürken ürküzjek bor,
basgylanan basgylajak,
düşürjek bor pese pesler,
emma hemme däldir meňzeş,
müňde bardyr bir ýa iki,
galdyrjak-da öz deňine,
geçirjek-de öňe, diňe
garaşma hiç ýaradana,
ýaradansoň sag-salamat,
bu saňa söz ýa alamat,
dükanyňy ýapýan döwlet,
yzdan barsaň, depýän döwlet,
ýapyp bilmez seni doly,
bolar özün gapýan döwlet.