Süri hakykaty
Internete girip, özün tapmadyk,
öýkesinde ýiten, kinede ýiten,
ýigrenjinde ýiten adamy diňläp,
enesi, atasy gypjynyp öten,
ýa-da gorkup ýaşan bolsa-da diri,
öz-özün iýeniň kitabyn okap,
bolup bolar, belki, sürüde biri...
Meýletin azaşan, goşulyp sürä,
başgalardan görer, görmez özünden,
hamala mal, çopan çykarjak örä,
uly, kiçi gurjak bolan durmuşyň
kinosynda, klibinde, oýnunda,
näme diýse diýsin, aglasyn, gülsün,
dakan zady bilen galar boýnunda.
Öz-özüni aldap goşgy ýazýanyň,
saz ýazýanyň, bagşylaryň, saýlanan,
ýa beýleki çukur-sukur gazýanyň,
puldan, üstünlikden başy aýlanan,
içindäki egsikligi görmeseň,
gülen bolýan ýa-da bolýan güldüren,
sen özüni tapanlardan bolmarsyň,
borsuň, belki, öz üstüne kül süren.