Başga nesil
Gaýgy, aladasy ýetik döwletiň,
sowet terroryndan alan ýoluny,
tutup, basyp dowam etjek başarsa,
sowet ýazyjysy, şahyry bolan,
sowet terbiýesin alan žurnalist,
aýdymçy, sazanda gidýär geçmişe,
taýyn bolan gulçulyga urulman,
täze nesil görýär, bilýär dünýäni,
deňeşdirýär öz ýagdaýyn, durmuşyn
daşardaky deň-duşunyň gününe,
gul bolasy gelmeýär oň, düşünýär:
bir ömür bar, bir mertebe, bir ady,
aýak asty etse gorkup, satylyp,
ýatar ertir bu gün gowşadan bady,
göz öňünde öňki nesil, tanalan,
döwletden at alyp, nähili öldi,
belki, işi özünden öň gömüldi...
Gaýgy, aladasy ýetik döwletiň,
nädip saklamaly tolkuny indi,
halky ezip, gazanylan asuda,
bagtyýar eýýamyň soňy göründi,
täze, başga nesil gelýär, durmuşy
TW-den däl, göni özünden görýän,
pikir edýän, gazetleri okaman,
bilýär olar kimiň ýazýanyn kitap,
ýa nirede ýagşy, nirede ýaman,
kimiň aty ýüwrük, kimiňki çaman,
kime ýetýär etli gutap, omaça,
kime gökli gutap arzuw, düýşünde
köpelýär gutulan zulumdan gaçyp,
döwlet edýär gaty gaýgy, alada,
tolkun gelýär ýapyk gapyny açyp,
gahryman däl, galat diýip galada.