Diýdi-diýdi
Biri diýdi näme pikir
edýän bolsaň, bolarsyň şol,
boşap bilmän, belki, guran
duzagyňdan öz beýniňde,
beýlekisi diýdi ýalan,
gelip-geçýän pikir kändir,
çar tarapdan çokup, ýalap...
Biri diýdi duýgularyň,
gaýgylaryň düzer seni,
monjuk ýaly, hünji ýaly,
ýüplük edip özüň inçe,
beýlekisi diýdi duýga,
gaýga garşy tapylar güýç,
erkiň bardyr, jylaw bolar,
görüp, tanap ir ýa-da giç.
Biri diýdi başdan geçen
geçmişiňden çykyp bilmän,
pagta ýygan bolsaň, ýygyp,
gözüň açman çaňňalakdan,
oýnun oýnap partiýanyň,
galarsyň sen bolup akmak,
beýlekisi diýdi ýalan,
islemersiň özüň ýakmak.
Biri diýdi doglan ýeriň,
okan okuw jaýyň, soňra
bile işlän adamlaryň,
näme bolsa, bolarsyň şol,
beýlekisi diýdi bolman,
bişişerin sowap, gyzyp,
başym egsem, ýok bolmaly,
öz gabrymy özüm gazyp.
Adam bardyr, bardyr pikir,
adam bardyr, bardyr duýgy,
gaýgy-gamy ýetik mydam,
daş-töwerek tutar, saklar,
durmuş kerep, dursaň ýadap,
gitseň diýdi-diýdä kem-kem,
özüňe däl, ýolda ýiten,
sansyz sürä borsuň hemdem.