Ýurt derdi
Ýurduň seniň ýüregiňde, beýniňde,
diňe iki günlük doýanyň bilmän,
gelejegin edip alada iliň,
başarmadyk bolsaň ýüzüne gelmän,
dikleşmedik bolsaň garakçy bilen,
garşysynda durup halky çapanyň,
bolan bolsaň, belki, ýesiriň biri,
içiňde adama degişli bolan
bar barlygy aýryp, daşyndan diri
adamlaryň biri bolup bilerdiň,
gitdiň, belki, bitirmeli işiň bar,
maksadyňda, meger, dermany derdiň.