Döwlet adamlary

O döwletiň adamlary,
döwletini döw edinen,
edenini edýän, iýýän
ýüregini il-ulusyň,
ogra şärik, men-men diýýän,
halamazlar seni diýseň,
aýtsaň bolan zady açyk,
öldürerler gutulmasaň,
pygamber dek gije gaçyp...

O döwletiň adamlary,
döw edinen döwletini,
baş galdyrsaň, bozsaň däbin,
gulçulyga kaýyl bolman,
diýer saňa azan gäbi;
kanagatly bolan bolup,
çekip gepiň, sözüň kesä,
hikir-hikir gülen bolup,
seni edip sansyz, bisan,
o milletiň adamlary,
özün eder ýere ýegsan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024