Uzaga çeken uky
Eger zerur, gerek bolmasa halka,
islemese ýaşamagy adam dek,
ýa-da isläp, isleginiň yzynda
adam ýaly jemlenmese, durmasa,
gürleşmäge ýaramasa gübürdäp,
başga biri gara işi etmeli,
bitirmeli bolsa bitmezin onuň,
getirmeli bolsa ýetmezin onuň,
a biz garaşmaly diýseler üýşüp,
ertekide, hyýalynda ýaşaýan
gürrüň berse ýolda duşana düýşün,
ynha, basym gowy bolar, düzeler,
Alla salar ýüregine ýokarkyň,
ynsap berer, belki...
Garaşma diýip,
bolmaz diýip öz-özünden özgeriş,
ýalbaranyň peýdasy ýok adama,
ýa-da sesiň gataldanyň, milletiň
uklan bolsa gözün ýumup, ýadaman.