Öljek hassa
Eliň işden sowatjaklar,
ýa ýoluňdan sowjak gyra,
çöp-çalama çolaşdyrjak,
sagdan geler, soldan geler,
çekjek bolar çukuryna,
öz oturan ýa oňuşýan,
gazyp özi aýak astyn,
öz kepjesi, pili bilen,
ýok etjek bor özi ölen,
özüne bap ili bilen.
Gaharlansaň, gyzsaň güler,
ýa zeýrenseň, köhi geler,
düşündürjek bolup sözüň,
ogurlatsaň wagtyň pul dek,
gögeren dek urlup gözüň,
sermenersiň öňüň görmän,
boljak bolma öljek hassa,
mugtuna ýa arzan derman.