Pikiriňde erkin bolsaň
Pikiriňde erkin bolsaň,
erkin bolsaň hyýalyňda,
erkin galsaň arzuwyňda,
jylawlatman adamlara,
elden gelse basgylajak,
gurjak bolan özi birçak,
diňe özüň goramarsyň,
görer daşdan turjak, durjak.
Alajyň ýok türmesinde,
zyndan bolan ýurtda galsaň,
çydamaryn diýseň artyk,
döwlet diýse, pagtaçy men,
durşum bilen bolup partyk,
ýa ýazyjy, wasp ederin,
zalymlary ylgap, ýortup,
öldüm diýseň, ölersiň sen,
ýok ölmerin, diri galyp,
şem bolaryn garaňkyda,
ýarany men ýagtylygyň,
goldamaryn döwlet ärin,
guşy uçan ezse birin,
diýseň, uýsaň öz erkiňe,
ýüregiňe, bolsa eger,
erkine däl ölen piriň,
ölen bilen ölmersiň sen,
solan bilen solmarsyň sen,
galkynarsyň ýerden göge,
boýun alar yza galan,
gybat edip ýa-da sögüp.