Aýralyk aýdymy

Ölen, diri aýry däldir, terrorçy,
aýry däldir dogan biri-birinden,
kast etse-de käte gahary gözün,
ýa-da kelte akyl dolduryp şerden,
aýyrsaň-da watanyndan oglany,
gyz çagany, gözde ýaşy diňmejek,
enesin, atasyn har edip yzda,
il-ulusy basyp, çökerip dyzda
saklamarsyň ýok etseň-de köp merdi,
öňe çykan, jany durman, gyssanmaç,
aýyryp bilmersiň tire-taýpany,
garşy goýup bir-birine, duşman dek,
ata-baba, mazarlary garyşan,
dili biri agzy ala etmersiň,
bulaşdyryp ýykyp bilmersiň ili,
prokuror edip, kazyýet işin,
adalat işini berip egsige,
iki şaýa satan ýurdun, milletin,
haýyn diýip hakykaty aýdana,
güýçlenmersiň arka berip gaýdana,
pesiň-pesi, diri ölen ýaýdanyp,
molla bolan, bagşy bolan, sazanda,
heýkeltaraş seni saklamaz, ýetim,
ýa ýetim däl, ene-ataly bolsaň,
emma ýaman ýoluň tälimin alsaň,
pikir etme, hemme satylar arzan,
il bölünmez, bölünmezler adamlar,
her ezilen ýigrenç ekmez yzynda,
geçen ýolun hapalamaz, daş bolsa,
kesek bolsa durup, aýyryp giden,
gyzgan bolsa, çapyp giden paltalap,
tapylar, köpeler, kemsitme ili,
ölen, diri, aýry däldir, terrorçy,
guşasaň-da, güýjün gaçyrar biliň,
biri-birin görýär, bilýär gowular,
diňe diri, göreşýän däl aýatda,
ýat illere gelýär ölenler hatda,
gözi ýolda galyp, ogluna myhman,
gyzlaryna myhman, düýşünde gije,
agtyklaryn görýär olar görmedik,
sen ýoly ýap, kanyny ýyk, saklatmaz,
aýra düşen, öz ilinden örmedik.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024